Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Шонда Ерихо ханы Рахаба шейле буйрук иберди: «Өйүңе гелен адамлары бизиң элимизе бер! Себәби олар бизиң тутуш юрдумызы гөзден гечирмек үчин гелипдирлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:3
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.


Biz oňa: „Biz ak ýürekli adamlardyrys, içaly däldiris.


ammon begleri öz patyşasyna şeýle diýdiler: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir».


Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar.


ammon begleri Hanuna: «Dawut saňa köşeşdirijileri ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir» diýdiler.


Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.


«Hudaýa dil ýetireni düşelgäniň daşyna çykar, ony eşidenleriň bary ellerini onuň kellesine goýsunlar we bütin halk ony daşlasyn.


Pilat ýene daşary çykyp, ýahudylara: «Ine, Ony siziň öňüňize getirýärin. Ondan hiç bir aýyp tapmandygymy bilip goýuň» diýdi.


Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.


Hirodyň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy. Garawullar-da zyndanyň girelgesinde gapynyň agzynda sakçylyk edýärdiler.


Olar şeýle hem etdiler. Şol bäş hany: Iýerusalim, Hebron, Ýarmut, Lakyş we Eglon hanlaryny gowakdan çykaryp,


Ýerihonyň hanyna: «Ýurdumyzy gizlinlikde gözden geçirmek üçin, gije bu ýere birnäçe näbelli ysraýyllar gelipdir» diýip habar berildi.


Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizläp, hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok.


Soňra Sisera Ýagele: «Sen gapynyň agzynda bol, eger biri gelip: „Bu ýerde adam barmy?“ diýip soraýsa, sen: „Ýok“ diýip jogap berersiň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ