Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:24 - Mukaddes Kitap

24 Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Олар Ешува: «Догрудан-да, Реб тутуш юрды бизиң элимизе берипдир. Ол ерде яшаян әхли халк биз себәпли довла дүшйәр» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:24
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär.


Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň.


Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.


Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.


Şeýlelikde, ol iki adam daglykdan geçip, yzyna gaýtdy. Olar Iordan derýasyndan geçip, Nunuň ogly Ýeşuwanyň ýanyna geldiler we bolan işleriň hemmesini oňa gürrüň berdiler.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.


Soňra Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Hiç zatdan gorkma we dowla düşme. Öz urşujylaryňyň ählisini al-da, göni Aý galasyna ýöriş et. Görýäňmi, Men Aý galasyny, onuň hanyny, adamlaryny we ýerini seniň eliňe berjekdirin.


Reb: «Ýahuda tiresi çykar: ine, Men bu ýurdy olaryň eline berjekdirin» diýdi.


Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.


Şol gije Reb oňa: «Tur, duşmanyň düşelgesine garşy söweşmäge düş, çünki Men olary seniň eliňe berýärin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ