Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эгер-де кимде-ким сениң өйүңден дашары чыкса, ол өлүмини өзүнден гөрсүн, бу бизиң гүнәмиз болмаз, эмма сениң билен өйүңде болан адама эл гөтерилсе, онда биз онуң өлүмини өз үстүмизе алярыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:19
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.


Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.


Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir.


Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.


Kim kakasynyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny etse, ol öz kakasyny namysa goýýandyr. Olaryň ikisi-de öldürilsin. Olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.


Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.


Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Şonuň üçin bu gün size şuny yglan edýärin: men hiç kimiň ganyna jogapkär däldirin.


Emma Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Bular gämide galmasalar, siz diri galyp bilmersiňiz» diýdi.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Şoňa görä-de, meniň size rehimdarlyk edişim ýaly, siziň hem maňa we atamyň maşgalasyna rehim etjekdigiňize öz Hudaýyňyz Rebden ant içiň. Size doly ynanar ýaly maňa bir nyşan beriň.


Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.


Ýatdan çykarma, eger sen biziň işimiziň syryny açaýsaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ