Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Олар Рахаба: «Эгер бизиң ишимизиң сырыны ачмасаң, онда, гой, җанымыз сизе пида болсун! Реб бу юрды бизе берен вагтында, биз хем сизе, хакыкатдан-да, рехимдарлык эдерис» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:14
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Indi siz meniň jenabyma merhemet ediň-de, sadyklygyňyzy görkeziň we boljagyny ýa-da bolmajagyny maňa aýdyň. Onsoň men näme etmelidigi barada belli karara gelerin».


Ölüm pursady golaýlanda, Ysraýyl Ýusuby ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Eger meni söýýäniň çyn bolsa, onda eliňi uýlugymyň astynda goý-da, maňa wepaly boljakdygyňa hem sözümi tutjakdygyňa ant iç. Meni Müsürde jaýlamagyn.


Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!


Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin! Bu eden işiňiz üçin menem size ýagşylyk ederin.


Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady.


Ahap patyşa ýoldan geçip barýarka, pygamber ony çagyryp, şeýle diýdi: «Jenabym, men–guluň söweş meýdanynyň ortarasynda söweşip ýörkäm, bir esger meniň ýanyma öz ýesir alan duşmanyny getirip: „Şu adamy öz ýanyňda sakla. Eger ol gaçaýsa, sen ony öz janyň bilen ýa-da iki putdan gowrak kümüş bilen tölärsiň“ diýdi.


Ýamanlygy niýet edýänler ýalňyşmaýarlarmy? Ýagşylygy pikir edýänler sadyk söýgi gazanmaýarlarmy?


Dosty köp bolanyň heläkçiligi-de bolar, ýöne dogandan-da ýakyn dost bar.


Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.


Müňbaşy ol ýigidi ugradyp: «Muny maňa habar bereniňi hiç kime aýtmagyn» diýip tabşyrdy.


Meniň ata-enemi, erkek we aýal doganlarymy, olara degişli bolanlaryň hemmesini diri galdyrjakdygyňyza, bizi ölümden halas etjekdigiňize söz beriň».


Ol aýalyň öýi galanyň diwarynda ýerleşýärdi. Rahap penjireden tanap sallap, ol adamlary aşak düşürdi.


Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.


Ol iki ýaş ýigit Rahabyň öýüne gidip, ony, onuň ata-enesini, doganlaryny hem-de oňa degişli bolan adamlaryň hemmesini daşaryk alyp çykdy. Olar bu maşgalany tutuşlygyna getirip, Ysraýyl düşelgesiniň ýanynda ýerleşdirdiler.


Şol wagt Ýeşuwa kasam edip, şeýle diýdi: «Kim bu Ýeriho galasyny täzeden gursa, goý, oňa Rebbiň huzurynda nälet siňsin! Onuň düýbüni tutan nowbahar ogluny ýitirer, derwezesini diken körpe oglundan dynar!»


Öz guluňa wepaly bol, çünki biz mukaddes äht edişdik. Eger men ýazykly bolsam, onda meni özüň öldüräý, kakaňyň ýanyna eltip näme etjek?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ