Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Şoňa görä-de, meniň size rehimdarlyk edişim ýaly, siziň hem maňa we atamyň maşgalasyna rehim etjekdigiňize öz Hudaýyňyz Rebden ant içiň. Size doly ynanar ýaly maňa bir nyşan beriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шоңа гөрә-де, мениң сизе рехимдарлык эдишим ялы, сизиң хем маңа ве атамың машгаласына рехим этҗекдигиңизе өз Худайыңыз Ребден ант ичиң. Сизе долы ынанар ялы маңа бир нышан бериң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:12
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi.


Hyzmatkär elini Ybraýymyň uýlugynyň astynda goýup ant içdi.


Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber.


Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy.


Çünki men halkymyň başyna geljek bela nädip çydaýyn? Garyndaşlarymyň ýok edilmegine nädip çydaýyn?»


Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden sowlup geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur. Ony tutuň-da, gorag astynda alyp gidiň» diýip gepleşipdi.


Olar doňýürek, pähimsiz, ähtiýalan we rehimsizdir.


Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.


Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.


Meniň ata-enemi, erkek we aýal doganlarymy, olara degişli bolanlaryň hemmesini diri galdyrjakdygyňyza, bizi ölümden halas etjekdigiňize söz beriň».


Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.


Ol iki ýaş ýigit Rahabyň öýüne gidip, ony, onuň ata-enesini, doganlaryny hem-de oňa degişli bolan adamlaryň hemmesini daşaryk alyp çykdy. Olar bu maşgalany tutuşlygyna getirip, Ysraýyl düşelgesiniň ýanynda ýerleşdirdiler.


Ýeşuwa olar bilen ylalaşyk baglaşdy we olary diri galdyrjakdygyna söz berdi, jemagat baştutanlary hem ony tassyklap kasam etdiler.


Jansyzlar galadan gelýän bir adamy gördüler, ony tutup, oňa: «Eger bize galanyň girelgesini görkezseň, biz saňa rehimdarlyk ederis» diýdiler.


Dawut oňa: «Meni şol galtamanlaryň ýanyna eltip bilermiň?» diýdi. Ol: «Eger meni öldürmejekdigiňe ýa-da hojaýynymyň eline bermejekdigiňe ant içseň äkideýin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ