Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Булары эшиденимизде, йүрегимиз бүкгүлдеди, сизден горкымыз себәпли бизде ысгын-мыдар галмады. Сизиң Худайыңыз Реб гөкде хем, ерде хем Худайдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.


Her welaýatda, her şäherde, patyşanyň tabşyrygynyň, permanynyň gowşan ähli ýerinde ýahudylar şatlanyp, begenip, toý-meýlis, baýram etdiler. Ýahudylardan gorkularyna ýurduň halklarynyň köpüsi ýahudylara goşuldylar.


Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,


Olar her gün agşam yzlaryna dolanýar, itler dek uwlaşyp, şäherde sümsünip ýörýär.


Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.


Edomyň beglerini gorky basýar. Mowabyň serdarlaryny ysytma tutýar. Kenganyň ilaty dowla düşýär.


Munuň üçin eller gowşar, her ynsanyň ýüregi ýarylar.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin, büdremeleri artsyn diýip, Men ähli derwezelerinde howp salýan gylyjy goýdum. Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady, gyrmak üçin çykaryldy.


Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.


Biz ol ýere nädip gideli? Ol ýere goýberen doganlarymyzyň: ‘Ol ýerdäki adamlar bizden güýçli we uzyn boýly. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr! Biz ol ýerde hatda anaklary-da gördük’ diýen habary biziň ýüregimizi howsala saldy“.


Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler.


Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Beýik Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur.


Emma meniň bilen bile giden doganlarym halkyň ýüregine howsala saldylar, men bolsam diňe Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdim.


Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Aýyň halky olaryň otuz altysyny öldürdi we beýlekilerini bolsa derwezäniň agzyndan tä daş goparylýan ýere çenli kowalap, dagyň eteginde gyrdylar. Şonuň üçin tutuş halkyň susty basyldy we dowla düşüp, ýüregi ýarylara geldi.


Olar Ýeşuwa: «Hudaýyňyz Rebbiň ähli ýurtlary siziň eliňize bermegi we olaryň ýaşaýjylaryny gyrmagy Öz guly Musa buýrandygyny bize aýtdylar. Siz sebäpli biz öz janymyzyň howp astyndadygyny bildik we şonuň üçin hem şeýle etdik.


Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ