Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Мүсүрден чыканыңызда, Реббиң сизиң өңүңизде Гызыл деңзиң сувуны гурадандыгыны биз эшитдик. Иордан дерясының гүндогарындакы аморларың Сихон хем-де Ог диен ики ханыны сизиң бүтинлей ёк эдендигиңизден хем хабарымыз бар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:10
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr.


Olary Müsürden çykarýan Hudaýdyr, ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar.


Hudaý olary Müsürden ýabany öküziň güýji deý güýç bilen çykarýar. Olar duşman milletlerini iýip, süňklerini çeýnärler, peýkam bilen ýaralarlar.


Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.


Men iki amor hanyny howsala salyp, olary siziň öňüňizden kowup çykardym. Siz olary öz gylyçlaryňyz bilen ýa-da ok-ýaýlaryňyz bilen ýeňmediňiz.


Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip etdi. Şeýle-de Ol muny Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagyňyz üçin etdi».


Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.


Iordanyň gündogaryndaky iki amor hanyny – Heşbonyň Sihon hany bilen Aştarotda ýaşan Başanyň Og hanyny Onuň näme edendigini biz bilýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ