Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шейлеликде, Нунуң оглы Ешува Шитимден ики яш йигиди гизлинликде ичалылык этмәге иберип: «Барың, ол юрды ве Ерихо галасыны гөзден гечирип гелиң» дийди. Олар гидип, лолучылык билен гүнүни гөрйән Рахап атлы аялың өйүнде дүшледилер ве гиҗәни гечирмек үчин ол ерде галдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 2:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siziň biriňiz gidiň-de, doganyňyzy getiriň, beýlekileriňiz bolsa zyndanda gözegçilik astynda saklanarsyňyz. Şonda siziň dogry ýa-da ýalan sözleýändigiňiz belli bolar. Eger ýalan sözleýän bolsaňyz, faraonyň adyndan ant içýärin, onda siziň içaly boldugyňyzdyr».


Ýusup olar bilen baglanyşykly gören düýşlerini ýatlady we olara: «Siz ýurduň goragsyz ýerini aňtamaga gelen içalylarsyňyz» diýdi.


Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.


Şondan soň halk Haserotdan göçüp gaýdyp, Paran çölünde düşelge gurdy.


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


Olar Iordan derýasynyň boýunda, Beýtýeşimotdan tä Abelşitime çenli Mowap düzlüginde düşelge gurup oturdylar.


Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy.


Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin ýollaýaryn. Şonuň üçin ýylan ýaly akylly, kepderi kimin sada boluň.


Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir


Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.


Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.


Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!»


Ýerihonyň hanyna: «Ýurdumyzy gizlinlikde gözden geçirmek üçin, gije bu ýere birnäçe näbelli ysraýyllar gelipdir» diýip habar berildi.


Helkat we Rehop galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi.


Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.


Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.


Olar Beýtele (galanyň öňki ady Luzdy) gözden geçirmek üçin öz jansyzlaryny iberdiler.


Laýyşy gözden geçirmäge öň gelip giden bäş adam öz doganlaryna: «Şu öýleriň birinde efot, oýma hem guýma but we başga butlar bar, siz şony bilýärsiňizmi? Indi näme etmelidigiňizi özüňiz biliň» diýdiler.


Ýer görmäge öňki gelen bäş adam öýe girip, efody, oýma hem guýma buty we başga butlary aldylar. Ruhany derwezäniň agzynda ýaraglaryny dakynan alty ýüz adamyň ýanynda durdy.


Danlar öz urugyndan, Sorga hem Eştawol galalaryndan bäş sany daýaw erkek adamy ýer gözlemek hem-de maglumat toplamak üçin gizlinlikde ugratdylar. Olara: «Baryň, assyrynlyk bilen ýer gözläň» diýdiler. Olar Efraýym daglygyna, Mikanyň öýüne gelip ýetdiler we gijäni şol ýerde geçirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ