Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 19:51 - Mukaddes Kitap

51 Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini tamamladylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

51 Ине, шулар Элгазар руханының, Нунуң оглы Ешуваның ве Ысрайыл тирелериниң уругбашыларының Реббе йүз тутулян чадырың гирелгесинде, Шилода Реббиң хузурында Ысрайыл тирелерине биҗе боюнча пайлап берен мүлк ерлеридир. Шейлелик билен, олар ерлери пайламак ишини тамамладылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 19:51
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Isa olara: «Siz Meniň içjek käsämden içersiňiz, emma size sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň elimde däl. Bu orunlary Atam kimler üçin taýýarlan bolsa, şolar üçindir» diýdi.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler.


Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.


Ol ýerde Ýeşuwa Rebbiň huzurynda bije atyp, ýerleri ysraýyllaryň tirelerine özleriniň bölüşleri ýaly paýlady.


Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.


Şilonyň gyzlary üýşüp tans eden wagtlarynda, üzümçilikden çykyň-da, Şilo gyzlaryndan heriňiz birini tutup, olara öýleniň we benýaminlere degişli ýere äkidiň.


Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ