Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar.
Ýahuda patyşasy Asanyň patyşalygynyň ýigrimi ýedinji ýylynda Zimri Tirsada ýedi gün patyşalyk etdi. Ysraýyl goşunlary piliştlilere degişli bolan Gibeton galasynyň daşyny gabapdylar.