Esli wagtdan soň Ýahudanyň aýaly – Şuganyň gyzy aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi.
Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.