Tireleriň atlary şulardyr: Dan tiresine bir paý berler. Onuň paýy demirgazyk araçäkden başlap, Hetlon ýolunyň ugry bilen Lebohamatdan Hasareýnana çenli, gündogardan günbatara tarap uzalar. Ol paý Damask araçäginde bolup, onuň demirgazygynda Hamat ýerleşýär.
Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.
Şol döwürde ysraýyllaryň patyşasy ýokdy. Danlar özlerine ýaşar ýaly ýer gözleýärdiler, sebäbi şol wagta çenli ysraýyllaryň tireleriniň arasynda olaryň mülk paýy heniz paýlanmandy.