Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.
Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi.
şeýle hem, demirgazyk daglyklarda ýaşaýan hanlara, Kinnerediň günortasyndaky Araba düzlüginde, günbatar baýyrlykda we günbatar Napotdorda ýaşaýan hanlara,
Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr.
Serhet günbatara Aznottabora öwrülip, soň Hukoga barýar, günorta tarapdan Zebuluna, günbatar tarapdan bolsa Aşere we gündogar tarapdan Iordanyň ýakasynda bolan Ýahuda ýanaşýar.
Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi.
Debora Abynogamyň ogly Baragyň yzyndan adam iberip, Kedeş galasynyň Naftaly diýen ýerine çagyrtdy we oňa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb saňa şeýle buýruk berdi: „Bar, naftalylardan we zebulunlardan on müň adamy ýanyňa al-da, olar bilen Tabor dagyna çyk.