Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 19:28 - Mukaddes Kitap

28 Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Эброна, Рехоба, Хаммона, Кана ве Бейик Сидона ченли довам эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 19:28
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.


Olar Gilgada we hetleriň ýurdy bolan Kadeşe bardylar. Soňra Danýagana, ol ýerden bolsa Sidonyň töwereklerine bardylar.


Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.


Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».


Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň!


Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim».


«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et.


Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi.


Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler.


Şeýlelikde, Isa ýene-de Özüniň suwy şeraba öwren ýeri bolan Jeliläniň Kana şäherine gaýdyp geldi. Şol wagt Kapernaumda bir köşk emeldarynyň ogly keselläp ýatyrdy.


Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Helkat we Rehop galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi.


Aşerler Akko, Sidon, Ahlap, Akzyp, Helba, Afyk we Rehop galalarynyň ilatyny kowmadylar.


Ol ýerdäkilere kömek eden tapylmady, sebäbi olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen aragatnaşyk saklamaýardylar. Ol gala Beýtrehobyň golaýynda ýerleşýärdi, danlar galany täzeden gurdular-da, ol ýerde ýaşap başladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ