Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşa tiresiniň ýarysy eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Сизиң араңызда левилериң пайы ёкдур, себәби оларың пайы Реббе руханы хөкмүнде гуллук этмекдир. Гатлар, рубенлер ве манаша тиресиниң ярысы эййәм өз мүлк ерлерини Иордан дерясының гүндогарындан алдылар. Бу ерлери олара Реббиң гулы Муса берипди».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 18:7
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin.


Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz.


Emma sen ogullaryň bilen gurbanlyk sypasyna, iň mukaddes otaga degişli işleriň ählisini yhlas bilen berjaý etmelisiň. Ruhanylygy size Men peşgeş berdim. Sizden başga oňa kim golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir».


Şonuň üçin hem Lewi tiresine öz ysraýyl doganlarynyň arasyndan paý hem, mülk hem berilmedi. Hudaýyňyz Rebbiň söz berşi ýaly, olaryň paýy Rebbiň Özüdir.


Rebbiň guly Musa we ysraýyllar olaryň hemmesini basyp aldylar. Musa olaryň ähli ýerlerini rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň eýeçiligine berdi.


Emma Musa lewi tiresine mülk bermedi. Söz berşi ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Özi olaryň mülküdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ