Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 18:28 - Mukaddes Kitap

28 Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Села, Хаелеп, Ябус галасы (бу – Иерусалим), Гибга ве Кирятегарым – обалары билен биле он дөрт гала. Бу бенямин тиресиниң өз уругларына гөрә алан мүлк еридир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 18:28
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.


netopaly Bagananyň ogly Helep, benýaminlerden gibgaly Ribaýyň ogly Ytaý,


Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler.


Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.)


Bular nesil daragtyna görä kowumbaşylardyr. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.


Geçelgeden geçýärler olar, Gebada bir gije düşleýärler, Rama şäheri lerzana gelýär, Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


«Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?


Uruglaryna görä Benýaminiň ogullary şulardyr: Balanyň neslinden balalar urugy, Aşbeliň neslinden aşbeller urugy, Ahyramyň neslinden ahyramlar urugy,


Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir.


Ýurdy bije boýunça tireler arasynda paýlaşsynlar. Uly tirä uly mülk, kiçi tirä-de kiçi mülk berilsin. Kimiň bijesi çyksa, mülk hem şonuňky bolar. Mülk tirelere görä paýlansyn.


Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.


Bu ýerden araçäk ýabuslaryň galasy Iýerusalimde ýerleşýän düzlügiň günortasyndaky Benhinnom deresinden ýokary galýar. Soňra ol Benhinnom deresiniň günbatarynyň garşysyndaky daglaryň depesine çenli galyp, demirgazykdaky Rapa jülgesiniň ahyryna çenli barýar.


Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär.


Ikinji gezek şimgon tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülki ýahuda tiresiniň mülk ýeriniň içinden düşdi.


Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.


Emma ol adam ýatmaga razy bolman, turup gidiberdi. Ol Ýabusa, ýagny häzirki Iýerusalime tarap gitdi. Onuň ýanynda ýükli eşekleri, gyrnak aýaly bardy.


Şawul-da Gibgadaky öz öýüne gitdi; Hudaý tarapyn ýüreklerine mertlik salnan esgerler oňa ýoldaş boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ