2 Entek ysraýyllardan öz mülk ýerini almadyk ýene-de ýedi tire galypdy.
2 Энтек ысрайыллардан өз мүлк ерини алмадык ене-де еди тире галыпды.
Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.
Şonuň üçin hem Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Siz haçana çenli ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize beren ýerlerini almaga biperwaý garap gezjeksiňiz?