Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 18:16 - Mukaddes Kitap

16 Soňra araçäk Benhinnom deresiniň ýanyndaky daglaryň etegine çenli aşak düşüp, Rapa deresine gelýär. Ol demirgazyga Hinnom deresine tarap aşak dowam edip, ýabuslaryň galasynyň günorta eňňidi bilen Eýnrogele baryp ýetýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Соңра арачәк Бенхинном дересиниң янындакы дагларың этегине ченли ашак дүшүп, Рапа дересине гелйәр. Ол демиргазыга Хинном дересине тарап ашак довам эдип, ябусларың галасының гүнорта эңңиди билен Эйнрогеле барып етйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 18:16
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Eýnrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar.


Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.


Adonyýa Eýnrogeliň golaýyndaky Ýylan gaýanyň ýanynda goýunlary, semiz öküzçeleri we mallary gurbanlyk berip, ähli doganlaryny, patyşanyň ogullaryny, Ýahudanyň ähli köşk emeldarlaryny çagyrdy.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.


Sela, Haýelep, Ýabus galasy (bu – Iýerusalim), Gibga we Kirýatýegarym – obalary bilen bile on dört gala. Bu benýamin tiresiniň öz uruglaryna görä alan mülk ýeridir.


Benýaminler Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykarmadylar, olar häli-häzire çenli hem benýaminler bilen bile bu ýerde ýaşap ýörler.


Soňra ýahudalar Iýerusalimi basyp alyp, onuň ilatyny gylyçdan geçirdiler we galany otladylar.


Emma ol adam ýatmaga razy bolman, turup gidiberdi. Ol Ýabusa, ýagny häzirki Iýerusalime tarap gitdi. Onuň ýanynda ýükli eşekleri, gyrnak aýaly bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ