Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 18:12 - Mukaddes Kitap

12 Olaryň araçäginiň demirgazyk tarapy Iordan derýasyndan başlanýar, soň araçäk demirgazykda Ýeriho gerşine çykyp, daglyklaryň üsti bilen günbatar tarapa öwrülip, Beýtawen çöllüginde gutarýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Оларың арачәгиниң демиргазык тарапы Иордан дерясындан башланяр, соң арачәк демиргазыкда Ерихо гершине чыкып, даглыкларың үсти билен гүнбатар тарапа өврүлип, Бейтавен чөллүгинде гутаряр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 18:12
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.


Eý, Ysraýyl, sen zyna etseň-de, Ýahuda bir günäli bolmasyn. Siz Gilgala girmäň, Beýtawene bolsa barmaň. „Rebden ant içýärin“ diýip kasam etmäň.


Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.


Ýusubyň nesilleriniň paýyna bije boýunça Ýerihonyň golaýyndaky Iordandan Ýeriho çeşmesiniň gündogaryna çenli bolan ýerler we Ýerihodan başlanyp, Beýtel daglygyna uzalyp gidýän çöllük düşdi.


Ilkinji bolup, benýamin tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň bijesine düşen paý ýahudalar bilen Ýusup nesilleriniň aralygyndaky ýerler boldy.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.


Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin.


Ýeşuwa Ýerihodan birnäçe adamy Aý galasyna içalylyk etmek üçin iberdi. Aý galasy Beýteliň gündogar tarapynda, Beýtaweniň ýanynda ýerleşýärdi. Iberilen adamlar Aý galasyna gitdiler we ol ýerleri gowy gözden geçirdiler.


Ýeşuwa we ähli ysraýyllar, hamala, olardan ýeňilýän ýaly bolup, çöle tarap gaçdylar.


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ