Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 18:10 - Mukaddes Kitap

10 Ol ýerde Ýeşuwa Rebbiň huzurynda bije atyp, ýerleri ysraýyllaryň tirelerine özleriniň bölüşleri ýaly paýlady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Ол ерде Ешува Реббиң хузурында биҗе атып, ерлери ысрайылларың тирелерине өзлериниң бөлүшлери ялы пайлады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 18:10
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Adalatly bolmak üçin iki topar hem bije boýunça bölündiler, sebäbi mukaddes çadyra hem-de Hudaýa hyzmat etmeli ýolbaşçylar Elgazaryň nesliniň arasynda-da, Ytamaryň nesliniň arasynda-da bardy.


Halk baştutanlary Iýerusalimde ýaşadylar. Ilatyň galany bije atyşyp, mukaddes şäher bolan Iýerusalimde ýaşar ýaly, her on maşgaladan birini saýladylar. Galan dokuzysy bolsa beýleki galalarda galdylar.


Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.


Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela


Bije dawany togtadýandyr, güýçli garşydaşlaryň arasyndaky meseläni çözýändir.


Indi Şilodaky ilkinji gezek adymy dakan ýerime gidiň we ysraýyl halkymyň pisligi üçin, oňa näme edendigimi görüň.


Siz bije boýunça ýurdy özüňize, içiňizde ýaşaýan gelmişeklere we olaryň araňyzda doglan çagalaryna mülk hökmünde paýlaň. Ol gelmişekler siziň üçin asly ysraýylly hasaplanmalydyrlar. Olar hem bije boýunça ysraýyl tireleriniň arasynda siziň bilen deň mülk edinerler.


Mülk hökmünde ysraýyl tireleriniň arasynda paýlamaly ýurduňyz şudur, bular olaryň paýlary bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Muňa görä Rebbiň halkynyň arasynda ýurt bije üsti bilen paýlaşylanda, sizden paýy miras almaga adam tapylmaz.


Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.


Sen Ogla ähli ynsanlaryň üstünden ygtyýar berdiň. Goý, Ogul hem Seniň Oňa tabşyran ähli ynsanlaryňa baky ýaşaýyş bersin.


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Nurdaky Öz halkynyň mirasyna şärik bolmaga sizi doly mynasyp eden Ata Hudaýa şatlanyp şükür ediň.


Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.


Şeýlelikde, ysraýyllar ýerleri Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip paýlaşdylar.


Ilkinji bolup, benýamin tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň bijesine düşen paý ýahudalar bilen Ýusup nesilleriniň aralygyndaky ýerler boldy.


Mülk ýeriň ýedi bölegini hem ýazga geçiriň-de, maňa getirip beriň. Men şu ýerde Hudaýymyz Rebbiň huzurynda siziň üçin bije ataryn.


Şeýdip, adamlar ýola düşdüler. Ýeşuwa ýerleri öwrenmäge gidýän ol adamlara şeýle buýruk berdi: «Ähli ýerleri aýlanyp çykyň we ony ýazga geçiriň-de, yzyňyza meniň ýanyma geliň. Men bu ýerde Şiloda Rebbiň huzurynda siziň üçin bije atjakdyryn».


Şeýlelikde, adamlar ýerleriň içinden geçip, olary galama-gala ýedi bölege bölüp, gözden geçiriş kitabyna ýazdylar. Soňra olar Şilodaky düşelgä – Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldiler.


Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini tamamladylar.


Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ