Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 18:1 - Mukaddes Kitap

1 Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Тутуш ысрайыл җемагаты Шилода йыгнанышды ве ол ерде Реббе йүз тутулян чадыр гурулды. Чүнки әхли ерлер ысрайыллара табын болупды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 18:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykan günümden bäri öýde mesgen tutmadym; çadyrymy ondan-oňa göçürip ýaşap ýördüm.


Ýarobgam öz aýalyna şeýle diýdi: «Bar, Ýarobgamyň aýalydygyň bilinmez ýaly başga geýime gir-de, Şilo git, çünki Ahyýa pygamber şol ýerdedir. Ol meniň bu halka patyşa boljagymy aýdypdy.


Ýarobgamyň aýaly şeýle-de etdi. Ol Şilo gidip, Ahyýanyň öýüne bardy. Ahyýa kördi, çünki gojalykdan ýaňa onuň gözleri çöňňelipdi.


Şeýdip, Süleýman Abýatary Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmeklik hukugyndan mahrum etdi. Şeýdip, Rebbiň Şilodaky Eliý we onuň nesilleri baradaky aýdan sözleri berjaý boldy.


Olaryň nesilleri gelip, ýurdy eýelediler. Sen ýurduň ilatyny, kenganlary olara boýun egdirdiň. Halanlaryny etsinler diýip ýurduň halklaryny patyşalary bilen birlikde olaryň ellerine berdiň.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady.


Şekemden, Şilodan we Samariýadan segsen adam geldi. Olaryň sakgallary syrylgydy, eginbaşlary sal-saldy, bedenlerine ýara salnypdy, ellerinde bolsa Rebbiň öýüne getirmek üçin galla sadakasy bilen ýakymly ysly tütetgi bardy.


we ýurt Rebbe tabyn bolsa, ondan soň siz yzyňyza dolanyp bilersiňiz. Bu siziň Rebbiň we Ysraýylyň öňündäki borçlaryňyzy ýerine ýetirdigiňiz bolar we bu ülke Rebbiň huzurynda siziň mülküňiz bolar.


Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.


Entek ysraýyllardan öz mülk ýerini almadyk ýene-de ýedi tire galypdy.


Şeýdip, adamlar ýola düşdüler. Ýeşuwa ýerleri öwrenmäge gidýän ol adamlara şeýle buýruk berdi: «Ähli ýerleri aýlanyp çykyň we ony ýazga geçiriň-de, yzyňyza meniň ýanyma geliň. Men bu ýerde Şiloda Rebbiň huzurynda siziň üçin bije atjakdyryn».


Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini tamamladylar.


Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin öri meýdanlar bermegi Musa arkaly buýrupdy» diýdiler.


Bu täzeligi eşidenlerinde, tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda bir ýere ýygnanyp, olara garşy söweşmäge aýaga galdy.


Eger siziň mülk ýerleriňiz päk bolmasa, onda Rebbiň topragyna – mukaddes çadyryň duran ýerine geçiň-de, mülk ýeriňizi biziň aramyzdan alyň. Emma biziň Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe we bize garşy baş götermäň.


Şeýlelikde, ruben, gat tireleri we gündogardaky manaşa tiresi Kenganyň Şilo galasyndaky beýleki ysraýyllary taşlap, Gilgada tarap, Rebbiň Musanyň üsti bilen olara beren mülk ýerlerine eýelik etmäge yzlaryna gaýtdylar.


Hudaýyň öýüniň Şiloda bolan wagtynyň bütin dowamynda, Mika tarapyndan ýasalan sežde edilýän but şol ýerde saklandy.


Ýabeşiň ilatyndan dört ýüz sany boý gyzy özleri bilen alyp, Kengan ýurdundaky Şilo galasyndaky düşelgä getirdiler.


Onsoň olar: «Ine, Beýteliň demirgazygynda, Şekeme gidýän ýoluň gündogarynda we Liwanyň günortasynda ýerleşýän Şiloda her ýyl Rebbe bagyşlanan baýramçylyk bolýar» diýişdiler.


Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.


Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ