Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 17:15 - Mukaddes Kitap

15 Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Ешува олара: «Эгер сизиң адам саныңыз көп болса ве Эфрайым даглыклары сизе дарлык эдйән болса, онда токайлара гидиң-де, шол ерде перизлериң ве рапаларың еринден өзүңизе ер ачың» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 17:15
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ybramyň çopanlary bilen Lutuň çopanlarynyň arasynda dawa-jenjel turdy. Şol döwürlerde kenganlar bilen perizler hem Kengan topragynda ýaşaýardylar.


On dördünji ýylda Kedorlagomer we onuň bilen birleşen şalar, Aşterotkarnaýymda rapalary, Hamda zuzylary, Şawekirýataýymda eýmimleri we çöl etegindäki Eýlparana çenli uzalyp gidýän Segir daglarynda horylary derbi-dagyn etdiler.


Goşun Ysraýyl bilen uruşmak üçin meýdana çykdy. Söweş Efraýym tokaýynda boldy.


Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.


Piliştliler ýene gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.


Bu işler tamamlanandan soň, baştutanlar meniň ýanyma gelip: «Ysraýyl halky we ruhanylardyr lewiler bu ýeriň halklaryndan, ýagny kenganlardan, hetlerden, perizlerden, ýabuslardan, ammonlardan, mowaplardan, müsürlilerden, amorlardan we olaryň nejis işlerinden özlerini aýry tutup bilmediler» diýdiler.


Men siziň öňüňizden perişde ibererin we kenganlary, amorlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Emma bilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kime köp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zat ynanylan bolsa, ondan köp zat hem isleniler».


Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.


Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ