Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Юсубың несиллери Ешува: «Нәме үчин сен бизе бир биҗе пай ве бир мүлк ер берйәрсиң? Бизиң болса адам санымыз көп, бизи Реб ялкады» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 17:14
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne kakasy beýle etmedi. Ol Ýusuba: «Bilýän, oglum, bilýän. Manaşa hem beýik bolar we onuň nesillerinden hem beýik halk dörär. Emma onuň inisi Efraýym, agasyndan has beýik bolar we onuň nesillerinden juda köp milletler dörär» diýdi.


Şol gün Ysraýyl olara pata berip, şeýle diýdi: «Ysraýyl halky kimdir birine pata berende: „Hudaý sizi edil Efraýymy hem Manaşany ýalkaýşy ýaly ýalkasyn“ – diýip, siziň adyňyz bilen pata berer». Şeýdip, Ysraýyl Efraýymyň adyny Manaşanyň adyndan öňe geçirdi.


Indi men Şekemi doganlaryňa däl-de, saňa berýärin; men ol mülk ýeri gylyjymdyr ýaýym bilen amorlardan basyp aldym» diýdi.


Efraýym tiresine bir paý berler. Onuň araçägi manaşa tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.


ýahuda tiresinden Ýepunnäniň ogly Kalep;


Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir.


Olar Ýusubyň ogly Manaşanyň nesilleriniň uruglaryndan bolan kişilere durmuşa çykdylar. Şeýdip, olaryň mülki öz atalarynyň tiresinde galdy.


Şeýlelikde, manaşa tiresiniň ýarysy we efraýym tiresi mülk ýerlerini aldylar.


Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ