Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 17:11 - Mukaddes Kitap

11 Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ысакардан ве Ашерден манашалара обалары билен Бейтшеяны, Иблегамы, шейле-де Доруң (бу деңиз кенарында), Эндоруң, Тагнагың, Мегидоның илатыны ве обаларыны бердилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 17:11
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşeýan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşeýan meýdançasyndan ogurlapdylar.


Süleýman patyşa işçileri toplap, Rebbiň öýüni, öz köşgüni, Millony, Iýerusalimiň diwaryny, Hasor, Megido, Gezer galalaryny täzeden dikeltdi.


Ýahuda patyşasy Ahazýa muny görüp, Beýthagana tarap gaçdy. Ýehu onuň yzyndan kowup: «Ahazýany-da atyň» diýdi. Olar Iblegam galasynyň golaýyndaky Gur ýapgydynda Ahazýany arabasynyň üstünde atyp ýaraladylar. Onsoň Ahazýa Megido gaçyp baryp, şol ýerde öldi.


Günbatardaky manaşa tiresinden öri meýdanlary bilen bilelikde Aneri, Kohadyň nesilleriniň galan bölegine öri meýdanlary bilen bilelikde Bilgamy berdiler.


Manaşalaryň çäklerinden: Beýtşeýan galalary bilen, Tagnak galalary bilen, Megido galalary bilen, Dor galalary bilen. Şu galalarda Ysraýylyň ogly Ýusubyň ogullary mesgen tutdular.


Emma Ýoşyýa ondan el çekmän, gaýtam onuň garşysyna uruşmak üçin tanalmaz ýaly eşige girdi. Ýoşyýa Nekonyň Hudaý tarapyndan aýdan sözlerine gulak asman, onuň bilen uruşmak üçin Megido düzlügine çykdy.


Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.


şeýle hem, demirgazyk daglyklarda ýaşaýan hanlara, Kinnerediň günortasyndaky Araba düzlüginde, günbatar baýyrlykda we günbatar Napotdorda ýaşaýan hanlara,


Napotdoryň ýanyndaky Doruň, Jeliledäki Goýymyň we


Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşalara degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi.


Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşa degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr.


Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler.


Manaşalar Beýtşeýan, Tagnak, Dor, Iblegam, Megido galalarynyň we olara degişli obalaryň ilatyny kowup çykarmadylar, şeýdip, kenganlar şol ýerde ýaşadylar.


Tagnakda we Megido suwlarynyň ýakasynda Kengan hanlary gelip söweşdiler; emma olar ne kümüş, ne olja gazandylar.


Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler.


Şawulyň ýaragyny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşeýan galasynyň diwaryndan asyp goýdular.


onuň gaýduwsyz adamlarynyň ählisi aýaga galdy. Olar uzak gije ýörediler. Baryp, Şawulyň hem onuň ogullarynyň jesetlerini Beýtşeýan galasynyň diwaryndan aýyrdylar; Ýabeşe gelip, jesetleri şol ýerde ýakdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ