Ine, şular Kalebiň nesilleridir. Kalebiň aýaly Efratdan nowbahar ogly Hur doguldy. Huruň üç ogly bolup, birinjisiniň ady Şobaldy, ol Kirýatýegarymy esaslandyrypdy.
Daglaryň gerşinden araçäk Neptowa çeşmesiniň gözbaşyna tarap aýlanýar. Ol ýerden hem Epron daglygyndaky galalara tarap gelýär. Soňra ol Bagala (bu Kirýatýegarym) tarap aşak düşýär.
Soňra ol ýerden aýlanyp, daglaryň günbatar tarapyna öwrülýär, ýahudalara degişli bolan Kirýatbagala (öňki Kirýatýegarym) gelýär. Bu olaryň günbatar tarapynyň araçägidir.
Şondan soň kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we onuň ogly Elgazary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge bagyş etdiler.