Merediň müsürli aýaly faraonyň gyzy Bitýady. Onuň ýahudaly aýalyndan Gedory esaslandyran Ýeret, Sokony esaslandyran Heber bilen Zanowany esaslandyran Ýekutyýel doguldy.
Ýoram Ramotgilgatda Hazaýyla garşy urşup ýörkä, siriýalylaryň özüne salan ýaralaryny bejertmek üçin Ýizregele gaýdyp geldi. Ýahuda patyşasy Ýehoramyň ogly Ahazýa ýaralanan Ahabyň ogly Ýoramy görmek üçin Ýizregele gitdi.
Hanun we zanowalylar Dere derwezesini dikeldip, onuň gapylaryny oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Olar Dökün derwezesine çenli diwaryň müň tirsek aralygyny dikeltdiler.
Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler.