Ýok ederin Aşdodyň ilatyny, Aşkelonda eli şa hasaly hökümdary. Golumy Ekronyň garşysyna öwrerin, heläk ederin piliştlileriň aman galanyny». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.
Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.
Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.
Piliştlileriň Rebbe ýazyk gurbanlygy hökmünde iberen altyndan ýasalan çykuw şekilleriniň biri Aşdot üçin, biri Gaza üçin, biri Aşkelon üçin, biri Gat üçin, ýene biri bolsa Ekron galalary üçindir.