Şeýle hem Kirýatýegarymyň uruglary bolan ýytralaryň, putlaryň, şumatlaryň, mişralaryň-da atasydy. Sorga hem Eştawol şäherleriniň halky hem şu uruglardan gelip çykypdy.
Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.)
Onuň doganlary, kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, Şimşonyň jesedini äkitdiler we ony getirip, Sorga bilen Eştawolyň aralygynda, kakasy Manowanyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Ol ysraýyllara ýigrimi ýyllap serdar boldy.