Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 15:13 - Mukaddes Kitap

13 Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Реббиң буйрушы ялы, Ешува яхуда тиресиниң мүлк ериндәки Кирятарбаны, ягны Хеброны Епуннәниң оглы Калебе берди. Бу ер Анагың атасының хатырасына Кирятарба дийип атландырылыпды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 15:13
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ybram göçüp, Hebronyň golaýyndaky Mamräniň dub tokaýjygyna geldi we şol ýerde düşläp, Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.


Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.


Ýöne ol galanyň ekin meýdanlarydyr obalary Ýepunnäniň ogly Kalebe berildi.


Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi.


Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».


Şol wagt Ýeşuwa gidip, daglyklarda ýaşaýan anaklary gyrdy. Ýeşuwa Hebronda, Debirde, Anapda, tutuş Ýahuda we Ysraýyl daglyklarynda ýaşaýan anaklary galalary bilen birlikde bütinleý ýok etdi.


Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (Hebrony) bellediler.


Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar.


Köne ady Kirýatarba bolan Hebronda ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaý, Ahyman we Talmaý baştutanlaryny boýun egdirdiler.


Musanyň wada edişi ýaly, Hebron Kalebe berildi. Ol bolsa anaklaryň üç urugyny ol ýerden kowup çykardy.


Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.


Biz Negep çölündäki keretleriň, Ýahudanyň bir böleginiň we kalepleriň üstüne çozuş etdik, şeýle hem, Ziklagy ýakyp-ýandyrdyk» diýip jogap berdi.


Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ