Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 15:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ол ерден Экроның демиргазык тарапына гидйәр ве Шикарона тарап айланып, Багала дагының үсти билен Ябнееле гелйәр. Иң соңунда арачәк Ортаер деңзинде гутаряр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 15:11
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas patyşa: «Reb şeýle diýýär: „Sen Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan gutulyşyň barada soramaga adam iberer ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“» diýdi.


Olar şeýle jogap berdiler: «Öňümizden bir adam çykyp, bize Reb şeýle diýýär diýdi: „Sizi iberen patyşaňyzyň ýanyna baryň-da, oňa sen Ekron hudaýy Bagalzebupdan soramaga adam iberer ýaly, Ysraýylda Hudaý ýokmy näme? Munuň üçin sen ýatan düşegiňden galmarsyň, hökman ölersiň“ diýiň».


Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.


Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar.


Soňra serhet günbatar Bagaladan Segir dagyna tarap aýlanýar, demirgazykda Kesalon galanyň Ýegarym daglaryna çenli gidip, Beýtşemeşe tarap öwrülýär we Timnanyň üsti bilen aýlanyp geçýär.


Ortaýer deňzi we onuň kenarlary günbatar araçägi emele getirýär. Ýahuda tiresiniň uruglarynyň ähli taraplaýyn araçägi, ine, şudur.


Ekron galasy we onuň ownukly-irili obalary,


Daglaryň gerşinden araçäk Neptowa çeşmesiniň gözbaşyna tarap aýlanýar. Ol ýerden hem Epron daglygyndaky galalara tarap gelýär. Soňra ol Bagala (bu Kirýatýegarym) tarap aşak düşýär.


Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.


Ysraýyllar we ýahudalar gykylyklap aýaga galdylar, olar Gata we Ekronyň derwezelerine çenli piliştlileriň yzyndan kowdular. Ýaralanan piliştliler Gat we Ekron galalaryna barýan Şagaraýym ýolunyň ugrunda serlip ýatyrdy.


Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.


Şeýlelikde, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny näme etsekkäk?!» diýip, olara sala saldylar. Olar: «Sandyk Gat galasyna äkidilsin» diýdiler. Şeýdip, olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Gat galasyna getirdiler.


Piliştliler ysraýyllardan basyp alan galalaryny – Ekrondan Gata çenli aralykdaky galalaryň ählisini yzyna gaýtaryp berdiler. Ysraýyllar öz topragyny piliştlilerden azat etdiler. Ysraýyl bilen amorlaryň arasynda asuda durmuş berkarar boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ