Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 15:10 - Mukaddes Kitap

10 Soňra serhet günbatar Bagaladan Segir dagyna tarap aýlanýar, demirgazykda Kesalon galanyň Ýegarym daglaryna çenli gidip, Beýtşemeşe tarap öwrülýär we Timnanyň üsti bilen aýlanyp geçýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Соңра серхет гүнбатар Багаладан Сегир дагына тарап айланяр, демиргазыкда Кесалон галаның Егарым дагларына ченли гидип, Бейтшемеше тарап өврүлйәр ве Тимнаның үсти билен айланып гечйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 15:10
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Hudaýyň Äht sandygyny getirmek üçin, adamlary bilen bile Bagala Ýahuda galasyna gitdi. Sandyk keruplaryň arasynda tagt guran Hökmürowan Reb diýip atlandyrylýar.


Emma Amazýa muňa gulak asmady. Şeýdip, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş öz goşuny bilen Ýahuda patyşasy Amazýanyň üstüne gitdi. Ýehowaş Ýahudanyň Beýtşemeş diýen ýerinde Amazýa garşy uruşda onuň bilen ýüzbe-ýüz boldy.


Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.


Ol ýerden Ekronyň demirgazyk tarapyna gidýär we Şikarona tarap aýlanyp, Bagala dagynyň üsti bilen Ýabneýele gelýär. Iň soňunda araçäk Ortaýer deňzinde gutarýar.


Keýn, Gibga, Timna – obalary bilen bile on gala;


Ýyron, Migdalel, Horem, Beýtanat we Beýtşemeş – obalary bilen bile on dokuz gala.


Aýyny, Ýutany, Beýtşemeşi, olaryň her biriniň öri meýdanlary bilen bile bu iki tireden jemi dokuz gala berdiler.


Günlerde bir gün Şimşon Timna gidende, piliştli bir gyzy gördi.


Şimşon, onuň ejesi we kakasy Timna tarap ugradylar. Olar Timnadaky üzümçilikden geçip barýarkalar, Şimşon bir ýaş ýolbarsyň arlaýan sesini eşitdi.


Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ