Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 14:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Яхуда тиресинден бирнәче адам Ешуваның янына Гилгала гелди. Оларың арасындан Кенизиң агтыгы Епуннәниң оглы Калеп оңа шейле дийди: «Реббиң Кадешбарнеяда икимиз хакда Худайың адамы Муса айдан сөзлерини билйәнсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 14:6
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.


Elýaşa aýala ýüzlenip: «Ýene bir ýyldan, edil şu wagt gujagyňda ogluň bolar» diýdi. Aýal: «Ýok, jenabym, eý, Hudaýyň adamy, gyrnagyňy aldama» diýdi.


Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.


Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim.


Elýaşa Hazaýyla gözüni aýyrmazdan seretdi welin, Hazaýyl utanyp gyzardy. Onsoň Hudaýyň adamy aglady.


Elýaşa Damaska geldi. Şol wagt Siriýa patyşasy Benhadat hassady. Patyşa: «Hudaýyň adamy şu ýere gelipdir» diýip habar berdiler.


Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.


Beýik Hudaýyň penasynda ýaşaýan ynsan Gudratygüýçliniň kölegesini mesgen ediner.


olary Hudaýyň adamy bolan Ýygdalýanyň ogly Hananyň ogullarynyň Rebbiň öýündäki otagyna getirdim. Bu otag ýolbaşçylaryň otagynyň gapdalynda, gapy sakçysy Şallumyň ogly Magaseýanyň otagynyň ýokarsyndady.


Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.


Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».


Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn. Onuň nesilleri ony eýelärler.


hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.


Ýurdy synlamaga gidenleriň arasynda bolan Nunuň ogly Ýeşuwa bilen Ýepunnäniň ogly Kalep gynançdan ýaňa ýakalaryny ýyrtyp,


Çünki Reb olar hakda şeýle diýipdi: «Olaryň hemmesi çölde ölüp giderler. Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwadan başga olaryň ýekejesi hem diri galmaz».


Meniň wada beren ýurduma diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa baryp biler, çünki olar Maňa bütin kalby bilen ynandylar“.


Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur.


Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady.


Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.


Emma sen, eý, Hudaýyň adamy, bu zatlardan gaç. Dogrulyk, takwalyk, iman, söýgi, sabyr-takatlyk we ýumşaklyk ýörelgelerine eýer.


Şeýdip, Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.


Şundan soň Ýeşuwa ähli ysraýyllar bilen bile Gilgaldaky düşelgä dolanyp geldi.


Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalebiň Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýürekden sygynandygy üçin, Hebron onuň hemişelik mülki bolup galdy.


Bu galany Kalebiň dogany, Kenazyň ogly Otniýel basyp aldy. Kalep öz gyzy Aksany oňa berdi.


Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ