Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 14:15 - Mukaddes Kitap

15 Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Хеброның өңки ады Кирятарба экен. Арба анакларың арасында иң бейик адам экен. Шунлукда, ер урушдан дынып рахатланды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 14:15
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sara Kengan ýurdundaky Kirýatarbada, ýagny Hebronda dünýäden ötdi. Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi.


Ýakup Ybraýym bilen Yshagyň gelmişek bolup ýaşan ýeri bolan Mamrä, ýagny Kirýatarba (Hebrona) kakasy Yshagyň ýanyna geldi.


Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.


Halkyň köp bölegi obalarda, öz ekin meýdanlarynyň ýanynda ýaşadylar. Ýahuda halkynyň käbirleri Kirýatarbada, Dibonda, Ýekabseýelde we olaryň töweregindäki obalarda ýaşadylar.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Keniziň agtygy Ýepunnäniň ogly Kalebiň Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýürekden sygynandygy üçin, Hebron onuň hemişelik mülki bolup galdy.


Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy.


Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar.


Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy.


Musanyň wada edişi ýaly, Hebron Kalebe berildi. Ol bolsa anaklaryň üç urugyny ol ýerden kowup çykardy.


Ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady. Soňra Kenazyň ogly Otniýel aradan çykdy.


Şeýlelikde, mowaplylar şol gün Ysraýylyň golastyna düşdüler. Soňra ýurt segsen ýyl parahat ýaşady.


Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.


Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gidegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.


Hebrondaky öz adamlary bilen baran ýerleriniň ählisinde ýaşaýanlara olja alnan zatlardan iberdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ