Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 13:9 - Mukaddes Kitap

9 Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Арнон җүлгесиниң гырасындакы Арогерден башлап, шол җүлгәниң ортасындакы гала хем-де тутуш Мейдеба текизлигинден Дибона ченли болан ерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 13:9
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler.


Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlylar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar.


Halkyň köp bölegi obalarda, öz ekin meýdanlarynyň ýanynda ýaşadylar. Ýahuda halkynyň käbirleri Kirýatarbada, Dibonda, Ýekabseýelde we olaryň töweregindäki obalarda ýaşadylar.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Eý, Dibon galasynda ýaşaýan halk, şan-şöhratdan düş-de, gurak ýerde otur, çünki Mowaby weýran ediji seniň üstüňe çozup, galalaryňy weýran eder.


Rebbiň aýdyşy ýaly, ähli şähere heläkleýji döküler, bir şäher-de gutulmaz, jülge ýok bolar, düzlük berbat bolar.


Şeýdip, biz olary ýer bilen ýegsan etdik. Heşbondan Dibona barýançak gyryldylar. Meýdeba uzalýan Nopa çenli olary ýok etdik».


Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi.


«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim.


Emma ruben we gat tirelerine Gilgat bilen Arnon jülgesiniň aralygyndaky ýerleri berdim. Jülgäniň ortasy olaryň günorta araçägi bolup, olaryň demirgazyk araçägi bolsa ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasydyr.


Hanlaryň biri Heşbonda ýaşan amor hany Sihondy. Onuň hanlygy Gilgadyň ýarysy we Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky galadan tä ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasyna çenli aralygy öz içine alýardy.


Şeýle hem, Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň ähli galalaryndan tä ammonlaryň araçägine çenli bolan ýerler.


Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.


Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ