Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 13:3 - Mukaddes Kitap

3 günortada ýaşaýan awalar, Müsüriň gündogaryndaky Şihor derýasyndan demirgazyk Ekronyň araçägine çenli ýerler. Bu ýerler kenganlaryň ýerleri hasaplanýar. Şeýle hem, oňa piliştlileriň bäş galasy: Gaza, Aşdot, Aşkelon, Gat we Ekron degişlidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 гүнортада яшаян авалар, Мүсүриң гүндогарындакы Шихор дерясындан демиргазык Экроның арачәгине ченли ерлер. Бу ерлер кенганларың ерлери хасапланяр. Шейле хем, оңа пилиштлилериң бәш галасы: Газа, Ашдот, Ашкелон, Гат ве Экрон дегишлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 13:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hamyň nesilleri: Kuş, Müsür, Put we Kengan.


«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.


Şeýdip, Dawut Hudaýyň sandygyny Kirýatýegarymdan getirmek üçin, Müsüriň çägindäki Şihor derýasy bilen Lebohamat aralygyndaky ähli ysraýyllary ýygnady.


Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol.


Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura?


Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awalary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.)


Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.


Piliştli hanlar ol aýalyň ýanyna gelip: «Biz ony daňyp, özümize boýun egdirip biler ýaly, sen ugruny tap-da, onuň beýik güýjüniň nämededigini özüne aýtdyr. Şeýtseň, biziň herimiz saňa bir müň bir ýüz kümüş teňňe bereris» diýdiler.


Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.


Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdoda getirdiler.


Şondan soň olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Ekrona iberdiler. Emma Hudaýyň sandygy Ekrona getirilende, bu ýeriň halky: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny özümizi-de, halkymyzy-da gyrgyna bermek üçin getirdiler-eý!» diýip bagyryşdylar.


Şeýlelikde, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny näme etsekkäk?!» diýip, olara sala saldylar. Olar: «Sandyk Gat galasyna äkidilsin» diýdiler. Şeýdip, olar Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny Gat galasyna getirdiler.


Piliştliler: «Biz Oňa nädip ýazyk gurbanlygyny bermeli?» diýip, olardan soradylar. Olar şeýle jogap berdiler: «Piliştli hanlaryň sanyna görä bäş sany çykuwyň, bäş sany-da syçanyň altyndan şekilini ýasaň. Çünki bu bela siziň özüňize-de, hanlaryňyza-da deň derejede degişlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ