Ysraýyl patyşasy Ahap öz adamlaryna: «Siz Ramotgilgadyň bize degişlidigini bilýärsiňizmi? Ramotgilgady Siriýa patyşasynyň elinden almak üçin biz entek hiç zat edemzok» diýdi.
Beýtharam deresi, Beýtnimra we Sukot, Sapon, heşbon hany Sihonyň hanlygynyň galan bölegi. Onuň günbatar araçägi Iordandan Kinneret deňzine çenli bolupdyr.
Şeýle hem Iordan derýasynyň aňyrsyndan Ýerihonyň gündogarynda olar ruben tiresinden düzlükdäki çölde ýerleşýän Beseri, gat tiresinden Gilgatdaky Ramody, manaşa tiresinden Başandaky Golany bellediler.