Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.
Şeýle hem, ol Kinneret kölünden Araba deňzine, ýagny Öli deňze çenli bolan ýerlere, Araba düzlüginiň gündogarynda Beýtýeşimoda çenli barýan ýerlere we günbatarda Pisga dagynyň etegindäki ýerlere eýelik edýärdi.
Ruben tiresiniň mülküne Heşbonda hökümdarlyk eden amor hany Sihonyň tekizlikdäki ähli galalary we hanlygy degişlidir. Musa Sihony we ýurdunda ýaşap, onuň tarapdary bolan Midýan hanlaryny: Ewini, Rekemi, Sury, Hury we Rebany basyp aldy.