Men guluň Siriýa ýurdunyň Geşur galasynda ýaşaýarkam, „Eger Reb meni Iýerusalime gaýtaryp eltse, men Oňa Hebronda sežde ederin“ diýip kasam edipdim» diýdi.
Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.
Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».
Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)
Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär.
Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.