Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 13:16 - Mukaddes Kitap

16 Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Оларың ериниң тутян мейданы Арнон җүлгесиниң гырасындакы Арогерден, җүлгәниң ортасындакы галадан ве бүтин Мейдеба текизлигинден ыбаратдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 13:16
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Iordan derýasyndan geçip, Arogerde jülgäniň ortasyndaky galanyň günortasynda düşelge gurdular. Soňra olar Gatda ýerleşýän Ýazer tarapa gitdiler.


Olar otuz iki müň sany söweş arabasyny we patyşa Magakany goşuny bilen hakyna tutdular. Olar gelip, Meýdebanyň öňünde harby düşelge gurdular. Ammonlylar hem öz galalaryndan ýygnanyşyp, söweşe çykdylar.


Heşbon bilen Elgala nalyş edýär, sesleri Ýahasa çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.


Heşbon galasy amorlaryň hany Sihonyň paýtagt galasydy. Sihon Mowabyň öňki hany bilen urşup, onuň Arnona çenli bolan ähli ýerlerini basyp alypdy.


«Men şol wagtky basyp alan ýerimizi paýladym. Men ruben we gat tirelerine Arnon jülgesiniň çetindäki Arogeriň demirgazygyny, şeýle hem Gilgat daglygynyň ýarysyny onuň galalary bilen bile berdim.


Hanlaryň biri Heşbonda ýaşan amor hany Sihondy. Onuň hanlygy Gilgadyň ýarysy we Arnon jülgesiniň ýakasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky galadan tä ammonlaryň araçägi bolan Ýabok derýasyna çenli aralygy öz içine alýardy.


Musa ruben tiresine onuň uruglaryna görä mülk ýer beripdi.


Şeýle hem, Heşbon galasy we tekizlikdäki ähli galalar: Dibon, Bamotbagal we Beýtbagal-megon,


Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden başlap, şol jülgäniň ortasyndaky gala hem-de tutuş Meýdeba tekizliginden Dibona çenli bolan ýerler.


Sebäbi Musa iki tirä we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.


Siziň araňyzda lewileriň paýy ýokdur, sebäbi olaryň paýy Rebbe ruhany hökmünde gulluk etmekdir. Gatlar, rubenler we manaşa tiresiniň ýarysy eýýäm öz mülk ýerlerini Iordan derýasynyň gündogaryndan aldylar. Bu ýerleri olara Rebbiň guly Musa beripdi».


Ysraýyllar eýýäm üç ýüz ýyl bäri Heşbonda we oňa degişli obalarda, Arogerde we oňa degişli obalarda hem-de Arnona ýakyn ähli galalarda ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şonça wagtlap ol galalary eýelemediňiz?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ