15 Musa ruben tiresine onuň uruglaryna görä mülk ýer beripdi.
15 Муса рубен тиресине онуң уругларына гөрә мүлк ер берипди.
Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy.
Ruben tiresine bir paý berler. Onuň araçägi efraýym tiresiniň gündogardan günbatara uzalýan araçägi bilen birleşer.
Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.
Olaryň ýeriniň tutýan meýdany Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Arogerden, jülgäniň ortasyndaky galadan we bütin Meýdeba tekizliginden ybaratdyr.
Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.
Emma Sihon ysraýyllaryň geçip gitmegine razylyk bermedi. Ol öz halkyny ýygnap, Ýahsada düşelge gurdy we ysraýyllar bilen söweşe girdi.