Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 13:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma ysraýyllar Geşuryň we Magakadyň ilatyny ýurtlaryndan kowup çykarmadylar. Olar şu güne çenli hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма ысрайыллар Гешурың ве Магакадың илатыны юртларындан ковуп чыкармадылар. Олар шу гүне ченли хем ысрайылларың арасында яшаярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 13:13
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyl Ederde ýaşaýarka, onuň ogly Ruben öz kakasynyň gyrnak aýaly Bilha bilen ýatdy. Ysraýyl muny eşitdi. Ysraýylyň on iki ogly bardy. Onuň Leýadan bolan ogullary: Ruben (nowbahar ogly), Şimgon, Lewi, Ýahuda, Ysakar, Zebulun;


Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan siriýalylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.


Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.


Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.


Manaşa tiresinden Ýaýyr diýen adam geşurlylaryň we magakatlylaryň araçägine çenli bolan tutuş Argopy aldy we ol ýerleri Başandan soň öz adyna görä, Hawotýaýyr diýip at berdi. (Ol şu güne çenli hem şeýle atlandyrylýar.)


Onuň hanlygyna Hermon dagy, Salka, bütin Başandan Geşuryň we Magakadyň araçäklerine çenli, Gilgadyň ýarysy, heşbon hany Sihonyň meýdanynyň araçägine çenli ýerler girýär.


Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;


Aştarotda we Edreýde hökümdarlyk eden Başan hany Oguň ähli hanlygy degişlidir (Og han rapalaryň iň soňkularynyň biridi). Musa bulary derbi-dagyn edip, ýerlerinden kowup çykarypdy.


Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.


Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ