Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýeşuwa we ysraýyllar Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli hanlary, Liwan jülgesindäki Bagalgatdan Segir bilen ýanaşyk Halak dagyna çenli ýerleri basyp aldylar. Ýeşuwa ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça mülk edip paýlap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ешува ве ысрайыллар Иордан дерясының гүнбатарындакы әхли ханлары, Ливан җүлгесиндәки Багалгатдан Сегир билен янашык Халак дагына ченли ерлери басып алдылар. Ешува ол ерлери бөлүп, ысрайылларың тирелери боюнча мүлк эдип пайлап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 12:7
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup Edom ýurdunyň Segir diýilýän ýerine, dogany Ysawyň ýanyna habarçy ýollap: «Meniň jenabym Ysawa şeýle diýiň» diýip, öz habarçylaryna şu sözleri aýtmaklygy buýurdy: «Seniň guluň Ýakup şeýle diýýär: „Men Labanyňkyda şu wagta çenli gelmişek bolup ýaşadym.


Hory tiresinden Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Eser we Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horylaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr.


Güýçli eli, uzadan goly bilen, ysraýyllary Müsürden çykaran Oldur, Onuň söýgüsi baky.


«Rebbiň maňa aýdyşy ýaly, biz Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap gaýtdyk we ençeme günläp Segir daglygynyň töwereginde aýlanyp gezdik».


we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň.


Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.


Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.


Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky gury ýerden geçdi.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ