Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Ol günbatardaky Beýtel we gündogardaky Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi.
Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.