Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Ine, ysraýyllaryň ýeňip alan ýerleriniň hanlary şulardyr. Ysraýyllar Iordan derýasynyň aňyrsyndaky gündogar tarapa uzalyp gidýän Arnon jülgesinden Hermon dagyna çenli bolan ýerleri we tutuş Araba düzlüginiň gündogar tarapyny basyp aldylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Ине, ысрайылларың еңип алан ерлериниң ханлары шулардыр. Ысрайыллар Иордан дерясының аңырсындакы гүндогар тарапа узалып гидйән Арнон җүлгесинден Хермон дагына ченли болан ерлери ве тутуш Араба дүзлүгиниң гүндогар тарапыны басып алдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 12:1
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

amorlar patyşasy Sihon hem-de Başan patyşasy Oguň ýurdy bolan Gilgatda Urynyň ogly Geber. Ol bu ýeriň häkimidi.


Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siondan ak pata bersin.


Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.


Arnon geçelgesinde Mowabyň aýallary höwürtgesinden kowlan öýsüz-öwzarsyz guşlara meňzeýär.


Ol ýerden hem göçüp, Arnon jülgesiniň aňyrsynda, amorlaryň serhedinden bäri ýaýylyp ýatan çöllükde düşlediler. Arnon jülgesi Mowap bilen Amoryň arasyndan geçýän Mowabyň serhedi bolup hyzmat edýärdi.


Soňra ysraýyllar amorlaryň hany Sihona ilçiler ýollap, şeýle diýdiler:


Ysraýyllar Sihony gylyçdan geçirip, onuň Arnondan Ýaboga çenli, tä Ammonyň serhedine çenli bolan ýerleriniň baryny eýelediler. Ammonyň serhedi bolsa güýçli goralýardy.


Biz olar bilen birlikde Iordanyň aňry gapdalyndan mülk ýer almarys, çünki biziň paýymyza Iordanyň bäri gapdaly, gündogar tarapy düşdi».


Biz gaýduwsyz esgerler hökmünde Rebbiň huzurynda derýadan geçip, Kengan ýurduna gireris, ýöne bize miras düşen mülkümiz, goý, Iordanyň şu gündogar gapdaly bolsun».


Musa gatlar bilen rubenlere we Ýusubyň nesli bolan manaşa tiresiniň ýarysyna amor hany Sihonyň ýurduny we Başanyň hany Oguň ýurduny, olaryň töweregindäki galalarydyr obalary bilen birlikde berdi.


„Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir.


Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy.


«Soňra biz Başan ýurduna tarap ýolumyzy dowam etdirdik. Başan hany Og söweşmek üçin, Edreýde ähli urşujylary bilen biziň garşymyza çykdy.


Musanyň ysraýyllaryň öňünde goýan Kanuny şudur.


Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.


Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Sirýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär.


Tä Reb doganlaryňyza-da siziňki ýaly parahatçylyk berýänçä we tä olar hem Hudaýyňyz Rebbiň özlerine berýän ýerini eýeleýänçäler, siz olara kömek ediň. Şondan soň siz Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň gündogaryndaky özüňize beren ýerine dolanyp gelip, oňa eýelik edersiňiz».


Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.


gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi.


Rebbiň guly Musanyň rubenlere, gatlara we manaşa tiresiniň ýarysyna Iordan derýasynyň gündogaryndan beren mülk ýerleri şulardyr:


Ine, Hudaýyňyz Reb siziň doganlaryňyza söz berşi ýaly, olara parahatçylyk berdi. Şonuň üçin hem, indi siz öz öýleriňize, ýagny Rebbiň guly Musanyň Iordan derýasynyň beýleki tarapynda size beren ýerlerine eýelik etmäge dolanyp baryň.


Olar çölüň içi bilen Edom hem-de Mowap ýurdundan sowa geçdiler-de, Mowabyň gündogar araçäginde, Arnonyň aňyrsynda ýerleşdiler, emma Mowabyň meýdanynyň içine girmediler, çünki Arnon Mowabyň çägi bolup durýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ