Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реб Ешува: «Сен олардан горкма, себәби эртир шу вагтлар Мен оларың әхлисини өлдүрип, ысрайылларың элине берҗекдирин. Сиз оларың атларының тойнакларыны дөвүң ве арабаларыны отлаң» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabaly esgerlerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.


Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi.


Ertir olaryň üstüne hüjüm ediň. Olar Ziz depesine çykarlar. Siz olary Ýerubel çölüniň öňüsyrasynda, deräniň aňry başynda taparsyňyz.


Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Dogruçyl sadyklykda ýöreýär, onuň yzynda çagalary nähili bagtly bolar!


Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Ysraýyl galalarynyň ilaty daşary çykyp ot ýakar, ähli ýaraglary, kiçi hem uly galkanlary, ýaýlary we oklary, serdesseleri we naýzalary ýakyp-ýandyrarlar; bular ýedi ýyllap oda ýakylar.


Şu dileg bilen Rebbe dolanyň. «Bar etmişlerimizi geç. Ýagşy dileglerimizi kabul et. Öküz gurbanlygyna derek alkyş gurbanlygyny hödür ederis.


«Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar.


Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.


Ol hanlaryň hemmesi ysraýyllara garşy söweşmek üçin birleşip, Merom çeşmesiniň ýanynda düşelge gurdular.


Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli urşujylar bilen bile Merom çeşmesine duýdansyz gelip, olaryň üstüne çozdy.


Ýeşuwa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwdi, at-arabalaryny bolsa otlady.


Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi.


Şol gije Reb oňa: «Tur, duşmanyň düşelgesine garşy söweşmäge düş, çünki Men olary seniň eliňe berýärin.


Olar Ýabeşden gelen çaparlara: «Ertir Gün asmana galyberende, halas boljakdyklaryny Gilgatdaky Ýabeşiň halkyna aýdyň» diýdiler. Çaparlar gelip, muny olara habar berenlerinde, ýabeşliler begendiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ