Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:4 - Mukaddes Kitap

4 Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Бу ханлар әхли гошунлары билен гелдилер, оларың атларының ве сөвеш арабаларының саны җуда көпди. Оларың саны эдил деңиз кенарындакы чәге ялы көпди, әгирт улы гошунды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:4
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň».


Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.


Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.


Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.


Ol hanlaryň hemmesi ysraýyllara garşy söweşmek üçin birleşip, Merom çeşmesiniň ýanynda düşelge gurdular.


Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.


Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ