Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:3 - Mukaddes Kitap

3 gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 гүндогар ве гүнбатар кенган ханларына, даглыкларда яшаян аморлара, хетлере, перизлере, ябуслара ве Хермон дагының этегиндәки Миспа үлкесинде яшаян хивилере көмек этмеклерини сорап хабар иберди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:3
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu uly daşa Mispa diýip at dakyldy, çünki Laban: «Biri-birimizden uzak düşen mahalymyz, Reb bizi gözden salmasyn» diýdi.


Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady.


Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.


Soňra Asa patyşa Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitmäge ýahudalara buýruk berdi. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Benýamindäki Geba galasyny we Mispa galasyny berkitdi.


Ysraýyl halkyndan bolmadyk amorlar, hetler, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar.


Ýeri-gögi ýaradan Reb, goý, size Siondan ak pata bersin.


Ýüregimiziň parasatly bolary ýaly, sanamagy öwret günlerimizi.


Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.


Men bolsam bu ýere geljek babyllylaryň öňünde size wekilçilik eder ýaly, Mispada galjak. Emma siz miweler ýygyp, şerap, ýag ýygnaň. Olary ammaryňyzda goýuň-da, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň».


Onsoň Ýermeýa Mispadaky Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi. Mispa baryp, onuň bilen birlikde ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.


Şeýlelikde, Ysmaýylyň Mispadan ýesir alan adamlarynyň bary yzyna öwrülip, Kareýanyň ogly Ýohanana goşuldy.


Ysmaýyl Mispada Gedalýa bilen bile bolan ähli ýahudalary-da, ol ýerdäki babyl esgerlerini-de öldürdi.


Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.


Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Sirýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.


Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.


Gilgat, Geşur, Magakat topragy, tutuş Hermon dagy we bütin Başandan tä Salka çenli bolan ýerler;


Geballylaryň ýerleri, bütin gündogar Liwan, Hermon dagyna golaý ýerleşen Bagalgatdan tä Lebohamat girelgesine çenli bolan ýerler.


Ýahudalar Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslary kowup çykaryp bilmediler. Ýabuslar bu günki gün hem ol ýerde ýahudalar bilen bile ýaşaýarlar.


Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.


Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar.


Ysraýyllar: «Rebbiň huzurynda bolup geçen ýygnanyşyga ysraýyl tirelerinden kim gelmedikä?» diýişdiler. Bu ýygnanyşyga gelmedikleriň öldüriljekdigi barada ant içilip kasam edildi.


Mispadaky Rebbiň huzurynda bolan ýygnanyşyga Ysraýyl neslinden gelmedik barmy?» diýişdiler. Ýygnanyşyga Gilgatdaky Ýabeşden adam gelmändir.


Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.


Ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda mesgen tutdular.


Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ