Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:22 - Mukaddes Kitap

22 Ysraýyllaryň ýerinde anaklardan ýekejesi hem galmady. Diňe Gazada, Gatda we Aşdotda olaryň ýek-tüki galdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Ысрайылларың еринде анаклардан екеҗеси хем галмады. Диңе Газада, Гатда ве Ашдотда оларың ек-түки галды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:22
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üç ýyldan soň Şimginiň iki sany guly, Gatyň hany Magakanyň ogly Akyşyň ýanyna gaçyp bardylar. Şimgi: «Seniň gullaryň Gatda» diýen habary eşidip, turup, eşegini gaňňalap, mündi-de, gullaryny gözläp, Gata Akyşyň ýanyna gitdi. Şimgi gidip, gullaryny Gatdan yzyna getirdi.


Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Gat galasyny hem-de onuň obalaryny piliştlileriň elinden aldy.


Beriga, Şema – bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar;


Uzyýa gidip, piliştlilere garşy urşup, Gatyň, Ýabnäniň we Aşdodyň diwarlaryny ýykdy. Ol Aşdodyň töwereginde we Piliştiň beýleki çäklerinde galalar gurdy.


Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy.


Filip bolsa Aşdotda peýda boldy. Ol Kaýsariýa baryp ýetýänçä, ähli şäherlerde Hoş Habary wagyz etdi.


Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awalary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.)


Bilşiňiz ýaly, bu güýçli we uzyn boýly halk Anagyň nesilleridir. Siz olar hakda: „Anaklaryň garşysyna kim çykyp biler?“ diýlenini eşidensiňiz.


Ýeşuwa Kadeşbarneýanyň günortasyndan Gaza çenli, Goşeniň tutuş ýerini, Gibgonyň demirgazygyna çenli bolan ýerleri basyp aldy.


Kalep ol ýerden anaklaryň üç urugyny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir.


Aşdodyň golaýyndaky ähli galalar we obalar, Ekrondan Ortaýer deňzine çenli,


Aşdot galasy we onuň ownukly-irili obalary, Gaza galasy we onuň ownukly-irili obalary bilen Müsür derýasyna we Ortaýer deňziniň kenarlaryna çenli.


Ýahudalar Gaza, Aşkelon we Ekron galalaryny-da, olaryň daş-töweregindäki meýdanlary bilen bile basyp aldylar.


Ine, Rebbiň şol galdyran milletleri: piliştlileriň bäş hanlygy, ähli kenganlar, sidonlar, Bagalhermon dagyndan Lebohamada çenli aralykdaky Liwan dagynda ýaşaýan hiwiler.


Piliştlileriň düşelgesinden Gat galasyndan Jalut atly bir pälwan öňe çykdy. Onuň boýy alty tirsek bir garyşdy.


Hudaýyň sandygyny ele salanlaryndan soň, piliştliler ony Ebenezerden Aşdoda getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ