Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:16 - Mukaddes Kitap

16 Şeýdip, Ýeşuwa şu ähli ýerleri: daglyklary, tutuş Negep çölüni, Goşeniň ähli ýerini, günbatar baýyrlyklary, Araba düzlügini we Ysraýyl daglyklaryny baýyrlary bilen,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шейдип, Ешува шу әхли ерлери: даглыклары, тутуш Негеп чөлүни, Гошениң әхли ерини, гүнбатар байырлыклары, Араба дүзлүгини ве Ысрайыл даглыкларыны байырлары билен,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:16
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ol dat-perýatlaryny eşiden wagty, olaryň muşakgatlaryna nazar aýlady.


Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.


Eý, Ysraýyl daglary, siz şahalar çykaryp, halkym Ysraýyla miwe berersiňiz, çünki olaryň öz ýurduna dolanmaly wagty golaýlady.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.


Ýeşuwa Kadeşbarneýanyň günortasyndan Gaza çenli, Goşeniň tutuş ýerini, Gibgonyň demirgazygyna çenli bolan ýerleri basyp aldy.


Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýrupdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.


şeýle hem, demirgazyk daglyklarda ýaşaýan hanlara, Kinnerediň günortasyndaky Araba düzlüginde, günbatar baýyrlykda we günbatar Napotdorda ýaşaýan hanlara,


Şol wagt Ýeşuwa gidip, daglyklarda ýaşaýan anaklary gyrdy. Ýeşuwa Hebronda, Debirde, Anapda, tutuş Ýahuda we Ysraýyl daglyklarynda ýaşaýan anaklary galalary bilen birlikde bütinleý ýok etdi.


Daglykda, baýyrlykda, Araba düzlüginde, dag eteklerinde, çöllükde we Negep çölünde ýaşaýan hetleriň, amorlaryň, kenganlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýerlerini ysraýyllara mülk edip berdi.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ