Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýeşuwa 11:14 - Mukaddes Kitap

14 Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Галадакы олҗа алнан әхли затлары ве мал-гаралары өзлерине алдылар. Илатыны болса иң соңкусына ченли гылычдан гечирип гырдылар, екеҗесини хем дири галдырмадылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýeşuwa 11:14
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoşapat bilen onuň adamlary olaryň oljasyny almaga gelenlerinde, olar ummasyz köp mallar, harytlar, egin-eşikler we gymmatbaha zatlar tapdylar. Olar göterip äkiderden köp olja aldylar, olar olja gaty köp bolandygy üçin, ony üç günläp topladylar.


Onsoň ysraýyllar midýan aýallarydyr çagalaryny ýesir alyp, midýanlaryň ähli mal-garalaryny, sürülerini we ähli zatlaryny olja aldylar.


Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.


Şeýdip, Ýeşuwa ähli ýeri: daglyk ýerleri, Negep çölüni, günbatar baýyrlyklary, dag eteklerini we olaryň ähli hanlaryny basyp aldy. Ysraýyl Hudaýy Rebbiň buýruşy ýaly, ol ýekeje-de diri adam galdyrman, ähli janly-jandary gyryp, bütinleý ýok etdi.


Şeýle hem, ysraýyllar onuň içindäki ähli ýaşaýjylaryny gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler, ol ýerde ýekeje-de diri janly-jandar galdyrmadylar. Hasor galasyny bolsa oda berdiler.


Ysraýyllar Ýeşuwanyň otlan Hasor galasyndan başga, depelerde gurlan galalaryň hijisini otlamadylar.


Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýrupdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.


Sen Ýeriho galasy bilen onuň hanyny näme eden bolsaň, Aý galasy bilen onuň hanyny hem şonuň ýaly et. Ýöne ondan olja alan zatlaryňyzy we mal-garalaryňyzy öz araňyzda paýlaşyň. Duýdansyz çozmaga taýýar bolup, bir bölegiňiz galanyň ýeňsesinde bukuda oturyň».


Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, ysraýyllar ol galanyň diňe mal-garasyny we talap alan zatlaryny özlerine olja edip aldylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ